Putin Moskwadaky hüjüm bilen bagly beýannama berdi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, paýtagt Moskwa şäherini gana bulan hüjümçileriň Ukraina gaçmaga synanyşandygyny aýdyp: "Buýrugy kim beren bolsa jezalandyrylar" diýip belledi

2119278
Putin Moskwadaky hüjüm bilen bagly beýannama berdi

Wladimir Putin paýtagt Moskwa şäherini gana bulan hüjümden soň ilkinji gezek beýannama berdi. 

24-nji mart gününi milli ýas güni hökmünde yglan eden Putin, hüjümçileriň Ukraina gaçmaga synanyşandygyny aýdyp: "Buýrugy kim beren bolsa jezalandyrylar" diýip nygtady. 

Ähli hüjümçileriň tussag edilendigini aýdan Putin: "Nasistler ýaly halkymyzy we çagalarymyzy öldürdiler. Jogapkärleriň hemmesini taparys we jogabyny alarys. Duşman bizi bölüp bilmez" diýip habar berdi. 

"Russiýa şu günki güne çenli ençeme kynçylyga sezewar galdy, emma ählisinden has güýçli çykdy" diýip aýdan Putin, ýurt derejesinde howpsuzlyk çäreleriniň artdyralandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar