Moskwadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde düýn konsert zallarynyň birinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 133 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 100 adamdan geçdi

2119250
Moskwadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Krokus häkimlik binasynda ýerleşýän konsert zalynda düýn agşam terrorçylykly hüjüm guraldy. 

Russiýanyň derňew komitedi terrorçylykly hüjümde 133 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Wakanyň bolan ýerinde hünärmenleriň iş alyp barýandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Terrorçylykly hüjümiň netijesinde 133 adamyň ýogalandygy anyklandy. Gynansagam ýogalan adamlaryň sany artyp biler" diýip bellendi. 

Hüjüm bilen arabaglanşygy bolandygy çak edilýän 2 adam, ulag bilen gaçmaga synanyşýarka Brýansk şäheriniň golaýynda tussag edildi. 

Ulagda bir sapança, tüpeňiň magazini we pasportlar tapyldy. Russiýanyň razwedka gullugy bolsa 4-si gönüden hüjüme gatnaşan terrorçy bolan jemi 11 adamy göz tussaglygyna aldy. 

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy. 

Moskwada düýn agşam konsert zalyna giren we ellerinde awtomatiki ýarag bolan, ýörite egin eşikli 5 hüjümçi çem gelen ýere ot açypdylar. 

Binada partlama bolupdy we ýangyn ýüze çykypdy, kompleksiň 1/3 bölegi ýandy, üçegi çökdi. 

Moskwada we käbir şäherlerde howpsuzlyk çäreleri artdyryldy. 

Moskwada hepdäniň ahyrynda ähli açyk çäreler goý bolsun edildi. 



Degişli Habarlar