Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň Polşadan geçmegi gadagan edildi

Söwda çäklendirmeleri meselesi 28-nji martda Warşawada geçiriljek Ukraina bilen Polşanyň arasyndaky gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri bolar

2118447
Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň Polşadan geçmegi gadagan edildi

Polşanyň Oba hojalygy ministrligi bilen protest geçiren daýhanlaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda importy çäklendirilen Ukraina degişli oba hojalyk önümleriniň Polşadan üstaşyr geçmegini gadagan etmek barada karara geldi. 

Wise-premýer ministri Mihail Kolodzeýçak metbugata beren beýanatynda, kararyň Polşa bilen Ukrainanyň arasynda söwda gurallary bilen bagly ylalaşyga gol çekilýänçä çenli öz güýjüni gorajakdygyny habar berdi. 

Mihail Kolodzeýçak: "Häzirki wagtda iň möhüm zat Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda düzgünleri barada ylalaşyk gazanmak" diýip belledi. 

Polşanyň metbugaty üstaşyr gadagançylygyň 1-nji aprelden güýje girjekdigini habar berdi.

Bu gadagançylykdan başga-da, daýhanlara subsidiýalaryň maksatlaýyn paýlanmagyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülmegine we Ýewropa Bileleşiginiň “Ýaşyl şertnama” çäginde düzgünleriň girizilmegine garaşylýar.

Söwda çäklendirmeleri meselesi 28-nji martda Warşawada geçiriljek Ukraina bilen Polşanyň arasyndaky gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri bolar. 



Degişli Habarlar