Russiýada prezident saýlawynyň resmi netijesi aýan edildi

Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa geçiren metbugat ýygnagynda prezident saýlawynyň gutarnykly netijesini aýan etdi

2118570
Russiýada prezident saýlawynyň resmi netijesi aýan edildi

Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa, 17-20-nji mart aralygynda geçirilen prezident saýlawynda gutranykly netijelere görä sesleriň 87,28 göterimini alan Wladimir Putiniň üstünlik gazanandygyny habar berdi.  

Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa geçiren metbugat ýygnagynda prezident saýlawynyň gutarnykly netijesini aýan etdi. 

Uzakdan elektron görnüşde saýlawa bolan gatnaşygyň 77,49 göterim bolandygyny, 87 million 576 müň 75 adamyň ses berendigini aýdan Ella Pamfilowa: "Döwrebap Russiýanyň taryhynda ozal bular ýaly görkeziji bolmandy" diýip habar berdi. 

Saýlawda daşagrälerden, ýurduň häzirki prezidenti Wladimir Putiniň 87,28 göterim alyp üstün çykandygyny aýdan Ella Pamfilowa, Putine 76 million 277 müň 708 adamyň ses berendigini beýan etdi. 

Ýaňadandan prezident wezipesine saýlanan Putin, ýenede 6 aý prezident wezipesinde galar. Maý aýynda wezipe möhlediniň dolmagy bilen kasam etjek Putin, 5-nji gezek Russiýanyň prezidenti bolar. 

Gutarnykly resmi netijäniň aýan edilmeginden soň rus lider Putin, wideo ýüzlenme arkaly halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Wladimir Putin, her bir dalaşgäriň ýurdy ösdürmek babatyndaky konstruktiw teklipleriniň umumy işlerde ýurduň galkynmagy üçin ulanjakdyklaryny habar berdi. 

Saýlawa gatnaşan ähli adamlara minnetdarlyk bildiren Putin, halkyň özüne bildiren ynamyny ödemek üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar