“Rafaha Hüjüm Guramak Uly Ýalňyşlyk Bolar”

Entoni Blinkeniň ikinji duralgasy Müsürden soň Ysraýyla barmagyna garaşylýar.

2118724
“Rafaha Hüjüm Guramak Uly Ýalňyşlyk Bolar”

ABŞ-nyň Döwlet sekretar Entoni Blinken, Ysraýyla gurajak saparynyň çäginde ýolbaşçylara Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine guraljak hüjümiň uly ýalňyşlyk boljakdygyny gürrüň berjekdigini aýtdy.

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Müsüre baran Blinken metbugata beren beýannamasynda Gazada ylalaşyk gazanylmagynyň kyndygyny emma mümkindigini aýtdy.

Rafahdaky asuda ilatyň eger Ysraýyl hüjüm guran halatynda gidere başga ýeriniň ýokdygyny ýatladan Blinken, “Rafaha giň gerimli gury ýer hüjümi guralmazdan Hamasyň hötdesinden gelnip bilner”diýdi.

Blinken, Ysraýylly ýolbaşçylar bilen duşuşyp, Rafah şäherine guraljak hüjümiň uly ýalňyşlyk boljakdygyny gürrüň berjekdigini belledi.

7-nji oktýabrdan bäri sebite 6-njy saparyny guraýan ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Ýakyn Gündogar saparyna düýn Saud Arabystanyndan başlapdy.

Entoni Blinkeniň ikinji duralgasy Müsürden soň Ysraýyla barmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar