Peskow Günbatar Ýurtlaryna Degişli Gaýtawulyň Görkeziljekdigini Aýtdy

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow “Günbatar ýurtlarynyň rus emläkleri boýunça göçümlerine garşylyk görkezeris” diýdi.

2118610
Peskow Günbatar Ýurtlaryna Degişli Gaýtawulyň Görkeziljekdigini Aýtdy

Peskow günbatar ýurtlarynyň rus emläklerinde alynan girdejileri peýdalanmak boýunça göçümlerine tapawutly görnüşlerde garşylyk görkezjekdiklerini beýan etdi.

Peskow paýtagt Moskwada ÝB-niň saklanan rus emläklerinden alynan girdejileri Ukraina üçin sarp etme tagallasy hakynda žurnistlere beýanat berdi.

Russiýanyň şol başlangyçlara garşylyk görkezjekdigini beýan eden Peskow; “Hukuky mehanizmlerden, häzirki wagtda bar bolanlaryň ýany bilen geljekde-de ýüze çykjak täze mehanizmlerden hem peýdalanarys” diýdi.

Dmitriý Peskow günbatar ýurtlaryna görkeziljek garşylygyň gönüden deňderejelilik başlangyçlary görnüşinde bolmajakdygyna ünsi çekip; “Öz bähbitlerine laýyk tapawutly usullary saýlap alarys” diýdi.



Degişli Habarlar