Nigeriýada Guralan Hüjümde 21 Adam Ýogaldy
Ýaragly hüjümde azyndan 50 öýüň oda berlendigi nygtaldy.
2119064
Nigeriýanyň Niger sebitinde guralan ýaragly hüjümde 21 adam ýogaldy.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Niger sebitiniň Madaka etrapçasynda ýaragly adamlar çem gelen ýere od açmaga başlady.
Ýaragly hüjümde 21 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.
Ýaragly hüjümde azyndan 50 öýüň oda berlendigi nygtaldy.
Nigeriýa, terror guramasy Boko Haram we DEAŞ bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşýär.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.