Yrakda bolan sil apatynda dört adam ýogaldy

Yrakda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 4 adam ýogaldy, 8 şäherde dynç alyşlyk yglan edildi

2118390
Yrakda bolan sil apatynda dört adam ýogaldy

Yragyň demirgazygynda 2 gün bäri täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirmäge dowam edýär. 

Bagdat, Erbil, Duhok, Kerkük, Wasyt, Anbar we Diýala şäherlerinde ýaramaz howa şertleri sebäpli resmi dynç alyş yglan edildi.

Gubernatorlykdan berilen beýanatda, dynç alyşyň häkimligiň işgärlerini we howpsuzlyk güýçlerini öz içine almaýandygy habar berildi. 

Sil apatynyň iň köp zyýan ýetiren Duhok şäherinde ýogalanlaryň sanynyň 2 adamdan, 4 adama ýetendigi mälim edildi. 

Ýurduň günortasynda aşa ýagýan ýagyşlaryň dowam edýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Yrak

Degişli Habarlar