Iň bagtyýar Ýaşlar Skandinaw Ýurtlarynda…

Taýýarlan habarnamada ýaşlaryň durmuşyndan bolan nägileliginiň günsaýyn ýokarlaýandygy ýüze çykaryldy.

2117929
Iň bagtyýar Ýaşlar Skandinaw Ýurtlarynda…

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Gallup” firmasy Oksford uniwersitetiniň Wellneing ylmy barlag merkezi we BMG-niň Birsydyrgyn galkynyş çözgütleri tory tarapyndan çap edilen Bütindünýä bagtlylyk habarnamasy Britaniýada, Ýewropada, ABŞ-da we Awstraliýada 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlara esaslanylyp taýýarlanyldy.

Habarnamada, ýaşlar bilen ýaşulylaryň arasyndaky ykdysady deňsizligiň, bilim, ukyp talimi we amatly nyrhdan ýaşaýyş jaý meselesinin hem ýaşlaryn durmuşdan närazylygyna täsir ýetirýändigi beýan edildi. Şeýle hem sosial medianyň hýaşlarda özüne bolan hormatyň azalmagyna we ýaşlaryň ýaşaýyş şertleriniň peselmegine uly täsiriniň bardygyna üns çekilýär.

Iň bagtly ýaşlaryň Finlýandiýadadygy beýan edilýän habarnamada, bagtly ýaşlaryň bolan ilkinji onlugynda ýene-de Skandinaw ýurtlary Daniýa, İzlandiýa, Norwegiýa we Şwesiýa bar.

Habarnamada iň bagtly ýaşlaryn ýaşaýan ýurtlarynyň snawynda ABŞ 23-nji, Germaniýa 24-nji orunda durýar.



Degişli Habarlar