Gazadaky Çagalaryň Esasy Bölegi Lukmançylyk Bejergisine Zerurlyk Duýýar

Bu barada ÝUNİSEF-iň Metbugat sekretary Jeýms Elder mälim etdi.

2118170
Gazadaky Çagalaryň Esasy Bölegi Lukmançylyk Bejergisine Zerurlyk Duýýar

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNİSEF) Metbugat sekretary Jeýms Elder Ysraýyl tarapyndan agyr hüžümlere sezewar bolan Gazadaky esasy saglygy goraýyş desgasy Nasyr hassahanasyna guran iş sapary hakynda sosial media platformasyndan habarnama berdi.

Gazada iňňän köp sanly çaganyň lukmançylyk bejergisine zerurlyk duýýandygyny beýan eden Elder, sebitdäki 36 hassahanadan 12-siniň bölekleýin işleýändigini nygtap; “Nasyr hassahanasy şolardan biri däl” diýdi.

Mundan öňki saparynda Nasyr hassahanasynyň müňlerçe adamyň sygynan ýeri bolandygyny ýatladan Elder, bombardyman sebäpli esasy bölegi ýykylan hassahananyň koridorlarynda indi “ölüm asudalygynyň” höküm sürýändigini nygtady.



Degişli Habarlar