Dominikan Respublikasyndaky tussaghanalaryň birinde ýangyn boldy

Dominikan Respublikasyndaky tussaghanalaryň birinde bolan ýangynda 11 adam ýogaldy

2118211
Dominikan Respublikasyndaky tussaghanalaryň birinde ýangyn boldy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, ýurduň paýtagty Santo-Domingo şäheriniň La Wiktoriýa milli tussaghanasynda sebäbi entek anyklanyp bilinmedik görnüşde ýangyn ýüze çykdy. 

Ýangynda 11 tussaglynyň ýogalandygy, tüsseden zäherlenen käbir adamlaryň hassahanalarda bejergi astyna alynandygy mälim edildi. 

Baş prokuratura waka bilen bagly derňew işini başlatdy, 300 tussaglynyň başga bir tussaghana geçirilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar