Ysraýylyň harby uçarlary Gazadaky Nusaýrat bosgun düşelgesini bombalady

Ysraýylyň harby uçarlary Gaza zolagynyň merkezi bölegindäki Nusaýrat bosgun düşelgesindäki öýleriň birini bombalamagy netijesinde 27 palestinaly ýogaldy

2117933
Ysraýylyň harby uçarlary Gazadaky Nusaýrat bosgun düşelgesini bombalady

Palestinanyň resmi WAFA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Ysraýylyň harby uçarlary Gaza zolagynyň merkezi bölegindäki Nusaýrat bosgun düşelgesindäki öýleriň birini bombalady. 

Habar çeşmeleri hüjümde aglabasy ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan adamlar bolmak bilen jemi 27 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň gündogaryndaky Ad-Durj etrapçasyndaky Sidra diýilýän ýere guran howa hüjümlerinde hem ýogalan adamlaryň bardygy bellenen habarda, şol hüjümler bilen bir wagtda Gaza şäheriniň demirgazygyna we beýleki sebitlerinede artilleriýa bilen hüjümler guralandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň goşunynyň ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegine päsgel berip, gytçylyga sebäp bolan Gaza zolagyna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde 31 müň 923-de gowrak palestinaly ýogaldy. 



Degişli Habarlar