ÝB, Ukraina 5 Milliard Ýewrolyk Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady

ÝB-niň Ukrainanyň harby goşunyna jemi 33 milliad ýewrolyk kömek berendigi nygtalýar.

2117218
ÝB, Ukraina 5 Milliard Ýewrolyk Harby Kömegiň Berilmegini Tassyklady

ÝB Geňeşi, 2 ýyldan gowrak wagt bäri Russiýa bilen söweşýän Ukraina berilýän harby kömegiň 5 milliard ýewro çenli artdyryljakdygyny habar berdi.

ÝB Geňeşinden berlen beýannama görä, “Ýewropa parahatçylyk gaznasy” ady berlen gaznanyň serişdesi 5 milliard ýewro artdyryldy we şol gaznanyň çäginde “Ukraina kömek gaznasy”döredildi.

Ukraina kömek gaznasynyň çäginde Ukrainanyň ýaragly güýçlerine harby kömegiň we tälimiň berilmegi maksat edinilýär.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel, kabul edilen kararyň ÝB-niň beren wadasynda durýandygyny görkezýändigini nygtap, “Russiýa garşy söweşýän Ukrainanyň özüni goramagy üçin goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Karardan soň Ýewropa parahatçylyk gaznasynyň 2021-2027-nji ýyllary öz içine alýan bujeti 17 milliard ýewrodan geçdi.

ÝB-niň Ukrainanyň harby goşunyna jemi 33 milliad ýewrolyk kömek berendigi nygtalýar.

 

 


Etiketkalar: #harby kömek , #Ukraina , #ÝB

Degişli Habarlar