Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi

2116972
Putin Nawalnynyň ölümi bilen baglanyşykly "şeýle zatlar bolýar" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň ýogalmagynyň "gynandyryjy bir wakadygyny" aýdyp, ýogalmagyndan ozal oppozisioneriň mundan soň Russiýa gaýdyp gelmzlik şerti bilen Günbatar ýurtlaryndaky rus tussaglylar bilen çalşylmagy babatynda gepleşikler geçirilendigini tassyklady.

Putin: "Nawalnyýnyň ýogalmagyndan birnäçe gün ozal käbir egindeşler maňa hormatly Nawalnyýny Günbatar ýurtlarynda tussagly bolan raýatlar bilen çalşylmagy babatyndaky pikir barada aýtdylar. Maňa ynanarsyňyz ýa-da ynanmarsyňyz, emma ony aýdan adamyň aýdýanlaryny tamamlamadan ozal kabul edýändigim barada jogap beripdim. Emma gynansagam bolan zat boldy. Men ýeke täk şert bilen, ýagny gaýdyp gelmezlik şerti bilen pikiri kabul etdim. Ähli zat şulardan ybarat. Emma bular ýaly zatlar bolýar, hiç kimiň elinden bir zat gelmeýär" diýip aýtdy.

Käbir Günbatar ýurtlaryň habar çeşmeleri ozal Russiýanyň Nawalnyýny, amerikaly žurnalist Ewan Gerşkowiç we ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň harbysy Pol Uilany tussagly çalşygy usuly bilen azat edip boljakdygyny ýazypdylar. Şol habarlara laýyklykda Nawalnynyň boşadylmagynyň deregine Russiýa çeçen serkerde Zelimhan Hangoşwili jenaýaty sebäpli Germaniýada tussaglykda saklanýan Wadim Krasikowyň we ABŞ-da tussaglykda saklanýan başga bir rus raýatynyň boşadylmagyny islemegi meýilleşdirýärdi. 



Degişli Habarlar