Gaza Howadan Ynsanperwer Kömegi Berilýär

Gaza Sektorynyň demirgazygyna howadan ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin 6 operasiýa geçirildi

2116535
Gaza Howadan Ynsanperwer Kömegi Berilýär

Iordaniýa, Gaza Sektorynyň demirgazygyna, Müsüriň, ABŞ-nyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda howadan ynsanperwer kömegini berendiklerini habar berdi.

Iordaniýanyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gaza Sektorynyň demirgazygyna howadan ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin 6 operasiýanyň geçirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, operasiýa Iordaniýanyň howa güýçlerine degişli 2 sany J130 uçary bilen ABŞ-na degişli iki uçaryň, Müsüre we Germaniýa degişli 1 uçaryň gatnaşandygy bellenildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümleri sebäpli 2,3 million palestinaly açlyga sezewar boldy.

BMG, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda 2,2 million adamyň açlyga garşy göreşýändigi barada duýduryş beripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar