Fransiýa Russiýany Ýazgardy

Fransiýanyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň anyk bolmadyk ilkinji netijelre görä gaýtadan üstün çykan saýlawynyn Russiýanyň “wagtlaýyn basylyp alynan” ýerlerde-de geçirilmegini ýazgardy.

2116935
Fransiýa Russiýany Ýazgardy

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Putiniň anyk bolmadyk ilkinji netijelere görä seslerin 87,29 göterimini alyp, prezident saýlawynda üstün çykmagy hakynda garaýyş beýan edildi.

Beýannamada saýlawyn “jemgyýete we oppozisiýa edilýän gysyşyň artýan şertlerinde, erkin, pýuralist we demokratik şertler üpjün edilmänb” geçirilendigi nygtalýar.

“Wagtlaýyn rus basyp alyşygyndaky” Krymda, Sewastopolda, Doneskde, Luhanskda, Zaporožýede we Hersonda saýlawlaryň geçirilmeginiň ýazgarylýandygy nygtalyp, Fransiýanyň saýlawyň netijesini ykrar etmeýandigi beýan edildi.

Beýannamada şeýle hem Fransiýanyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna, jebisligine we territorial bitewiligine sarpa goýýandygy bellenilýär.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan anneksirlän Krym Awtanomiýasynda, 2022-nji ýylda anneksirlän Donesk, Luhansk, Herson we Zaporožýe sebitlerinde-de prezident saýlawy üçin ses berildi.



Degişli Habarlar