Hytaýda restoranda bolan partlamada iki adam ýogaldy

Hytaýyň Hebeý welaýatyndaky restoranlaryň birinde bolan partlamanyň netijesinde 2 adam ýogaldy

2114945
Hytaýda restoranda bolan partlamada iki adam ýogaldy

Hytaýyň Hebeý welaýatynyň Sanhe şäherinde ýerleşýän restoranlaryň birinde ýerli wagt bilen sagat 07:54-de partlama boldy. 

Sanhe şäheriniň Adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygynyň habar bermegine görä, partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy, 26 adam ýaralandy. 

Partlama sebäpli golaýdaky iş ýerlerine we ulaglarada zeper ýetdi. 

Sebite 154 ýangyn söndüriji, 36 ýangyn söndüriji ulag we köp sanda tiz kömek ulagy gönükdirildi. 

Partlamanyň gazyň syzmagy sebäpli bolandygy çak edilýär. 

Sebitdäki derňew işi dowam etmek bilen birlikde, restoranda partlamadan soň başlan ýangyn gözegçilik astyna alyndy. 


Etiketkalar: #restoran , #partlama , #Hytaý

Degişli Habarlar