Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy

Habary Korrupsiýa garşy gaznasynyň metbuget sekretary Kira Ýarmyş X sosial media hasabyndan berdi

2114993
Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy

Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçen aý tussaghanada ölen rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň kömekçisi we Korrupsiýa garşy gaznasynyň liderleriniň biri bolan Leonid Wolkowa çekiç bilen hüjüm guraldy. 

Habary Korrupsiýa garşy gaznasynyň metbuget sekretary Kira Ýarmyş X sosial media hasabyndan berdi. 

Kira Ýarmyş: "Leonid Wokow az wagt ozal öýüniň öňünde hüjüme sezewar galdy. Bir adam awtoulagynyň aýnasyny döwüp, ulagyň içine gözüňi ýaşardýan gaz zyňdy, soň bolsa Leonida çekiç bilen hüjüm gurady" diýip habar berdi. Leonid Wolkow ownuk şikesler bilen hassahana ýatyryldy, şikesleri jan saglygy üçin howply däl.

Litwanyň Daşary işler ministri Gabrielius Landsbergis wakany “geň galdyryjy” diýip häsiýetlendirdi we günälileriň edenleriniň jogabyny berjekdigini mälim etdi. Litwanyň Polisiýa gullugy waka bilen bagly derňew işini başlatdy. Leonid Wolkowyň öýi gorag astyna alyndy. 

Fewral aýynyň ortasynda Russiýadaky tussaghanalaryň birinde ölen Aleksen Nawalnyýnyň syýasy toparynyň köp sandaky agzasy ÝB we NATO agza ýurtlarynda ýaşaýar. 



Degişli Habarlar