ABŞ Husileriň Raketa Atandygyny Haber Berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli gämä gysga alyslyk üçin niýetlenen ballistiki raketa atandygyny beýan etdi.

2114731
ABŞ Husileriň Raketa Atandygyny Haber Berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň serkerdeligi X sosial media platformasyndan bu barasynda habarnama berdi.

Husileriň düýn Gyzyl deňizdäki “USS Laboon” gämisine ballistiki raketa atandygy aýdylýan beýannamada, ABŞ kolisia degişli gämi bilen Husileriň gözegçiligindäki sebitden atylan raketany urup düşürendigi mälim edildi.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerine garşylyk hökmünde 31-nji oktýabrdan bäri Ýemeniň deňiz giňişliginde Ysraýyl firmalaryna degişlidigi beýan edilýän söwda gämilerini saklaýar we käbirlerine dronlar hem-de raketalar bilen hüjüm guraýar.

Husileriň aksiýalaryndan soň köp sanly gämiçilik firmasy Gyzyl deňizdäki gatnawyny bes etmek hakynda karara geldi.



Degişli Habarlar