Litwa Rus Döwlet Belgili Ulaglaryň Ulanylmagyny Gadagan Etdi

Litwada diplomatik ulaglardan we ýurduň üstaşyr Russiýanyň Kaliningrad oblastyna gidip-gelýan ulaglardan daşgary rus döwlet belgili ulaglaryň ulanylmagyny gadagan etdi.

2114056
Litwa Rus Döwlet Belgili Ulaglaryň Ulanylmagyny Gadagan Etdi

Litwanyň Gümrük edarasyndan berilen beýannama görä 11-nji martdan başlap rus döwlet belgili ulaglaryň sürüjileri düzgüni bozan hasap edilerler we Adminstratiw etmişler kodeksine laýyklykda jogapkarçilige çekilerler.

Beýannamada Litwada 50-ä golaý rus döwlet belgili ulagyň bardygy we şol ulaglaryň eýelerine 6,561 dollara çenli jerime salynandygy, şol ulaglar ýurtdan çykman halatynda saklanjakdygy mälim edildi.

Litwanyň üstaşyr Russiýanyň Kaliningrad oblastyna gidýän we gelýän rus raýatlarynyň degişli resminamalary bolsa we Litwanyň üstaşyr geçişiň 24 sagatdan köp dowam etmezligi şerti bilen gadagançylykdan boşadyljakdygy habar berildi.

Litwa Ýewropa Komissiýasynyň maslahatyna laýyklykda 2023-nji ýylyň sentýabrynda rus döwlet belgili ulaglaryň ýurda girmegini gadagan edipdi.



Degişli Habarlar