Germaniýanyň Federal Kansleri Gaza Sektorynda Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Şols, musulman dünýäsinde Remezan aýynyň başlamagy mynasibetli Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

2113479
Germaniýanyň Federal Kansleri Gaza Sektorynda Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, musulman dünýäsinde Remezan aýynyň başlamagy mynasibetli Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Şols, Remezan aýynyň başlamagy mynasibetli sosial mediadan nemes, türk we arap dillerinde beren wideo ýüzlenmesinde, Ysraýylyň we Palestinalylaryň esasy böleginiň parahatçylyk isleýändigine doly ynanýandygyny nygtady.

Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Remezan aýynda hüjümleriň bes edilmelidigini aýdan Şols, “hüjümleriň bes edilmegi we Gaza has köp ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen birlikde uly tagalla edýäris” diýdi.

Şols, Remezan aýynyň şol bir wagtda söweşe we zuluma sezewar bolýanlaryň pikirlenilýän aýydygyna ünsi çekdi.

Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýändiklerini aýdan Germaniýanyň Federal Kansleri, Ysraýylyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda hereket etmelidigini we asuda ilata zeper ýetirmeli däldigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar