ABŞ-da hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde bäş adam ýogaldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Wirjiniýa ştatynda hususy uçarlaryň biriniň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

2113605
ABŞ-da hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde bäş adam ýogaldy

Wirjiniýa ştatynyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda "IAI Astra 1125" kysymly 2 dwigatelli hususy uçar, Wirjiniýa ştatynyň Bath diýilýän ýerinde ýere gaçandygy habar berildi. 

Uçaryň ýere gaçmagyndan soň ýangynyň bolandygy bellenen beýanatda, uçaryň içindäki 1-i çaga jemi 5 adamyň ýogalandygy aýan edildi. 

Federal awiasiýa gullugy Milli ulag howpsuzlygy geňeşi bilen bilelikde waka bilen baglanşykly derňew geçirjekdiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #uçar , #ABŞ

Degişli Habarlar