Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm gurady

Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyndaky etrapçalaryň birine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy

2113257
Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm gurady

Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä Ysraýylyň goşunynyň serhet zolagynda ýerleşýän Hirbet as-Slim etrapçasynyň Aýn mähellesindäki öýleriň birine, howadan gury ýere atylýan raketa bilen hüjüm gurady. 

Hüjümde şol bir maşgaladan kaka, göwreli aýaly we 2 çagasy bilen birlikde ýene-de 1 adamyň, ýagny jemi 5 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Hüjümde şeýle hem 9 adamyň ýaralanandygy we bejergi edilmekleri üçin ýakyndaky hassahanalara gönükdirilendikleri aýan edildi. 

Ysraýylyň hüjüm guran öýüniň dolulygyna ýumrulandygy we golaýdaky öýlere hem zyýan ýetendigi beýan edildi. 

Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyna 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan ýogalanlaryň sany 51 adama ýetdi. 

Ýaragly çaknyşyklarda şeýle hem Hizbullahyň 236 agzasy, Emel hereketiniň 11 agzasy, Hamasyň 12 agzasy, Yslam Jihad hereketiniň 12 agzasy we asuda ilatdan 6 ysraýylly we 11 esger ýogaldy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ysraýyl , #Liwan

Degişli Habarlar