Müsür bilen BAE, 5-nji Gezek Gaza Howadan Kömek Berdi

62 tonnalyk azyk we ynsanperwer kömeginiň palestinanyň halkyna ýetirlendigi bellenildi.

2113103
Müsür bilen BAE, 5-nji Gezek Gaza Howadan Kömek Berdi

Müsür bilen Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Gaza Sektoryna 5-nji gezek howadan ynsanperwer kömegini berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň WAM habarlar gullugy, BAE-niň we Müsüriň howa güýçleriniň 10 gün ozal bilelikde geçiren operasiýasy bilen Gaza howadan ynsanperwer kömegini bermäge başlandygyny habar berdi.

Habarda Gaza 5-nji gezek howadan ynsanperwer kömeginiň berlendigi ýatladyldy.

Müsür bilen BAE-niň bilelikdäki operasiýasy bilen 62 tonnalyk azyk we ynsanperwer kömeginiň palestinanyň halkyna ýetirlendigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar