Gresiýada Hususy Uniwersitetlere Garşy Ýöriş Geçirildi

Hökümetiň hususy uniwersitetleriň açylmagyna rugsat berýän täze kanun taslamasyny kabul etmegine garşy protest ýörişi geçirildi.

2112692
Gresiýada Hususy Uniwersitetlere Garşy Ýöriş Geçirildi

Gresiýanyň Salonik şäherinde hökümetiň hususy uniwersitetleriň açylmagyna rugsat berýän täze kanun taslamasyny kabul etmegine garşy protest ýörişi geçirildi.

Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Salonikde bir ýere jemlenşen İşçi merkezleriniň agzalary bilen talyplar, hususy uniwersitetleriň açylmagynyň ýerine döwlet uniwersitetlerine goldaw berilmegini isledi.

Kanun taslamasyna garşy şu gün paýtagt Afini we Salonik şäherleriniň başda durmagyna birnäçe şäherde protest ýörişiniň geçirilmegine garaşylýar.

Kanun taslamasy şu gün Mejlisde sese goýlar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar