Baýden “Gazada Müňlerçe Zenan we Çaga Öldürildi” Diýdi

Jo Baýden, Kongresde eden çykyşynda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

2112819
Baýden “Gazada Müňlerçe Zenan we Çaga Öldürildi” Diýdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, “Gazada 30 müňden gowrak palestinaly öldürildi. Olaryň esasy bölegi Hamasyň agzasy däldi. Müňlerçe zenan we çaga öldürildi” diýdi.

Jo Baýden, Kongresde eden çykyşynda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda durup geçdi.

Hamasyň Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda guran hüjümi barada durup geçen Baýden, “Ysraýyl Holokostdan soňky iň gandöküşikli gününi badşan geçirdi” diýdi.

Emma muňa garamazdan Ysraýylyň hüjümlerinde asuda ilaty nyşana almazlyk jogapkarçiliginiň bardygyny ýatladan Baýden, “Bu söweşde 30 müňden gowrak palestinaly öldürildi. Olaryň esasy bölegi Hamasyň agzasy däldi. Müňlerçe zenan we çaga öldürildi. Çagalar ýetim galdy” diýdi.

 


Etiketkalar: #Palestina , #Jo Baýden , #ABŞ

Degişli Habarlar