Putin Gagawuziýanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Gagawuziýanyň Prezidenti Ýewgeniýa Gutsulbilen duşuşdy.

2112300
Putin Gagawuziýanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

Gutsul Telegram kanalynda duşuşyk hakynda garaýyş beýan edip; “Wladimir Putin bilen Gagawuziýanyň merkezinde durýan çylşyrymly sebitleýin we geosyýasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Putine raýatlyk pozisiýamyz we milli bähbitlere bolan wepalylygymyz sebäpli bizden ar alýan Moldowanyň hökümetiniň bikanun başlangyçlary hakynda gürrüň berdim” diýdi.

Soň Kremliň metbugat gullugy hem duşuşyk hakynda beýannama çap etdi. Beýannama görä Gutsul Putina Moldowanyň merkezi hökümetiniň Gagawuziýanyň ygtyýarlaryny elinden alandygyny, sebitiň býujetini çäklendirendigini, raýatlarynyň hukuklaryny basgylaýandygyny we ýurdy durnuksyzlyga sezewar edýändigini gürrüň berdi.

Gagawuziýanyň Prezidenti Putiniň özlerine goldaw sözüni berendigini aýtdy.

Moldowa fewral aýynyň ahyrynda separatist Transdinýester sebitiniň halk deputatlarynyň konresinde Wladimir Putine goldaw çagyryşyny berenden soň ünsleri özüne çekdi. Şol çagyryşdan birnäçe gün soň Gagawuziýanyň Prezidenti Gutsal Moskwa sapar etdi.

Gagawuziýa ilaty türki dilde gepleşýän, Moldowa tabynlykdaky awtanomiýa. 1990-njy ýylda garaşsyzlygyny yglan edýär, emma 1994-nji ýylda Moldowa bilen şertnama baglaşyp, gaýtadan döwlete birikdi.

Ylalaşyk Moldowa başga ýurtlar bilen birleşen halatynda Gagawuziýanyň aýrylma ähtimallygyny gorap saklaýar. Ylalaşykda ady agzalmaýan hem bolsa, başga ýurtlar diýlende göz öňünde tutulýan döwlet Rumyniýa.

 



Degişli Habarlar