Gazada ýene-de bir çaga açlykdan öldi

Ysraýylyň takmynan 5 aý bäri hüjümlerini dowam etdirmek we ynsanperwer kömeklere böwet bolmak bilen uly gumanitar betbagtçylyga sebäp bolýan Gaza zolagynda ýene-de bir çaga açlykdan öldi

2111952
Gazada ýene-de bir çaga açlykdan öldi

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gazadaky bölüminiň metbugat geňeşçisi Aşraf al-Kudra beren ýazmaça beýanatynda, Gaza şäherindäki Şypa hassahanasynda ýeterlik derejede iýmitlenmezlik sebäpli 15 ýaşyndaky gyz çaganyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Ysraýylyň ynsanperwer kömekleriň girmegine böwet bolýan Gaza zolagynda ýeterlik derejede iýmitlenmezlik sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 18-e ýetendigini aýdan Kudra, Gazanyň demirgazygyndaky açlyk apatynyň esasan hem hroniki kesel, çagalar we göwreli aýallar üçin öldüriji derejä ýetendigini aýan etdi. 

Halkara jemgyýetden Ysraýylyň hüjümelrini duruzjak basyşlar etmegini talap eden Kudra, Gaza zolagynyň demirgazygynda bolmagy ähtimal gumanitar betbagtçylygyň öňüni alynmagy üçin BMG-nyň gyssagly ädimler etmeginiň zerurdygyny beýan etdi. 

BMG Ysraýyl tarapyndan giň gerimli hüjüme sezewar bolýan Gaza zolagynda 2,2 million adama açlyk howpunyň abanýandygyny duýdurypdy. 

Esasanam Gazanyň demirgazygynda ýaşaýan palestinalylaryň un tapyp bilmeýändikleri üçin haýwan iýmlerini üwäp başlandyklary habar berildi.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #Palestina

Degişli Habarlar