Ukraina: "Russiýa degişli gözegçilik gämisine hüjüm guradyk" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka müdürligi Russiýanyň Gara deňiz flotyna degişli "Sergeý Kotow" atly gözegçilik gämisine hüjüm gurandyklaryny habar berdi

2111142
Ukraina: "Russiýa degişli gözegçilik gämisine hüjüm guradyk" diýdi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Razwedka müdürliginden berilen ýazmaça beýanatda, şu gün gije "Group 13" atly ýöriteleşdirilen toparyň, Russiýanyň Gara deňiz flotyna degişli "Sergeý Kotow" atly gözegçilik gämisine hüjüm gurandygy mälim edildi.

Hüjümiň Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleri bilen hyzmatdaşlykda we Ukrainanyň Sanly özgeriş ministrliginiň goldaw bermeginde guralandygy bellenen beýanatda, Magura V5 sürüjisiz deňiz ulagy bilen guralan hüjümiň netijesinde, rus gämisiniň öň, sag we çep taraplaryna zeper ýetendigi aýan edildi. 

Beýanatda gämä Kerç bogazynyň golaýynda Ukrainanyň suw giňişliginiň çäklerinde guralandygy bellendi. 



Degişli Habarlar