Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde

Türkiýe fewral aýynda dört sany möhüm geosyýasy göçüm etdi we sebitdäki oýun meýilnamalaryny üýtgetdi.

2110719
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde

Gresiýanyň köp tiražly “Etnos” gazeti Türkiýäniň sebitdäki güýjüniň günsaýyn artýandygyny ýazdy.

Ankaranyň göçümlerini seljeren gazetiň habarynda, “Dört möhüm strategiýa bilen sebitde türk pozisiýasyny güýçlenýär” diýilýär.

İlkinji göçüm hökmünde Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda açjak ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary bazasy sanalýar.

Bazanyň saýasynda Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna, Liwiýana, Müsür liniýasyna howa giňişliginde gözegçilik edip biljekdigi nygtalýar. Ol “köptaraply özgerlişigiň habarçysy” hökmünde analiz edildi.

Milli söweşjeň uçar “KAAN” bolsa habarda ikinji geosyýasy göçüm hökmünde kabul edilýär.

“KAAN-yň” uçuş we gonuş üçin täze milli uçar gämisiniň gurulýandygyna üns çekildi. Habarda geljekki geosyýasy göçümler hakynda-da durlup geçilýär.

Grek gazeti Türkiýäniň Afrikadaky başlangyçlaryna hem ünsleri çekýär.

Habarda Türkiýäniň Somali we Jibuti bilen gol çekişen hyzmatdaşlyk şertnamalary üçünji we dördünji geosyýasy göçümler hökmünde häsýetlendirildi. “Fransiýanyň soňky döwürdäki sebitleýin başarnyksyzlygynyň emele getiren boşlugyny Türkiýäniň doldurandygyna” üns çekilýär.

Habarda “Karta syn edeninizde türk deňiz flotunyň Gyzyl deňizde, Aden aýlağynda we Pars aýlagynda güýçli pozisiýa eýelemäge başlandygy açyk görülýär” diýilýär.

 



Degişli Habarlar