Ysraýyl, Ýene Ynsanperwer Kömegini Almak Üçin Nobata Duran Asuda Ilaty Nyşana Aldy

Al Kudra, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň ýüzmüňlerçe aç adama garşy gyrgynçylyk söweşini dowam etdirýändigini mälim etdi.

2110302
Ysraýyl, Ýene Ynsanperwer Kömegini Almak Üçin Nobata Duran Asuda Ilaty Nyşana Aldy

Ysraýylyň harby goşunynyň, Gaza Sektorynyň demirgazygynda ynsanperwer kömegini almak üçin garaşýan palestinalylara guran soňky hüjüminde köp sanly adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy nygtaldy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Eşref Al Kudra beren ýazmaça beýannamasynda, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gazanyň demirgazygynda ýüzmüňlerçe aç adama garşy gyrgynçylyk söweşini dowam etdirýändigini mälim etdi.

Kudra, Ysraýylyň Gaza şäheriniň günortasyndaky Al Kuweýti çatrygynda uly gyrgynçylyk edendigini, wakada köp sanly adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny belledi.

Ysraýylyň harby goşunynyň düýn Gazanyň merkezinde Deýr Belahda ynsanperwer kömegi ulagyny nyşana almagy sebäpli 9 adam ýogalypdy, onlarça adam hem ýaralanypdy.

Ysraýylyň harby goşunynyň 29-njy fewralda Gazanyň günortasynda ynsanperwer kömegini almak üçin nobata duran palestinalylara garşy guran hüjüminde 118 adam ýogalypdy, 760 adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar