Pakistanda Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli 32 Adam Ýogaldy

Buluçistan sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 700 öýe zeper ýetirildi.

2110608
Pakistanda Aşa Köp Ýagýan Ýagyşlar Sebäpli 32 Adam Ýogaldy

Pakistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 32, ýaralananlaryň sany bolsa 38 adama ýetdi.

Tebigy apatlara garşy göreş gullugyndan berlen beýannama görä, ýurtda 3 günden bäri ýagýan ýagyşlar sebäpli bolan ýol heläkçiliklerinde 32 adam ýogaldy.

Ýagyşlar sebäpli bolan ýol heläkçiliklerinde Haýber-Pahtunwa sebitinde 27 adam ýogaldy, 38 adam ýaralandy. Buluçisanda bolsa 5 adam ýogaldy.

Buluçistan sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 700 öýe zeper ýetirildi.

 



Degişli Habarlar