Germaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy
Söndürilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär
Germaniýanyň Demirgazyk Reýn Westfaliýa welaýatynda garrylary öýüniň birinde bolan ýangynda 4 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.
Polisiýa gullugynyň beren beýanatyna görä, 13 müň ilatly Bedburg-Hau etrapçasyndaky garrylar öýünde ýerli wagt bilen sagat 03:50-de ýangyn başlady.
Wakanyň bolan ýerine gelip, ýangyny söndürmäge başlan ýangyn söndürijileriň biri ýaralanyp hassahanada bejergi astyna alyndy.
Halas ediş toparlar tarapyndan 46 adam garrylar öýünden ewakuasiýa edildi. Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy.
Söndürilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär.
Degişli Habarlar
Talyplar Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerine Garşylyk Görkezýär
Şweýsariýadaky Zurih uniwersitetiniň talyplary hem Ysraýylyň hüjümlerine berk garşylyk görkezýär.