Ysraýyl, Ynsanperwer Kömegini Almak Üçin Nobata Duran Asuda Ilaty Nyşana Aldy

Hüjümde 104 adamyň ýogalandygy, 760 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

2109251
Ysraýyl, Ynsanperwer Kömegini Almak Üçin Nobata Duran Asuda Ilaty Nyşana Aldy

Ysraýylyň Gaza şäherinde ynsanperwer kömegini almak üçin nobata duran palestinalylary nyşana alan hüjüminde 104 adam ýogaldy, 760 adam hem ýaralandy.

Ysraýyl, Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleriniň 146-njy gününde azyk kömegini almak üçin nobata duran palestinaly asuda ilaty nyşana aldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, azyk kömegini almak üçin nobata duran asuda ilata garşy od açylmagy sebäpli 104 adamyň ýogalandygy, 760 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Palestinanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, asuda ilata garşy edilen gyrgynçylygyň Ysraýylyň dowam etdirýän gyrgynçylyk söweşininiň bir bölegidigi bellenildi.

Beýannamada, asuda ilaty goramagyň ýeke-täk ýolunyň hüjümleriň gyssagly bes edilmeginden geçýändigi nygtalyp, halkara jemgyýetçiligine gyssagly herekete geçmekleri üçin çagyryş berildi.

Hökümet tarapyndan berlen beýannamada bolsa, Ysraýylyň hüjümi ozal meýilleşdirendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar