"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borrel: "Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr" diýip mälim etdi

2108081
"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"

Jozep Borrel Ispaniýanyň Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde "Next Educacion" atly uniwersitetde geçirilen forumda eden çykyşynda, Ysraýyla garşy aýdýan tankydy belliklerini dowam etdirdi. 

"Ysraýyl çek iberip Hamasy maliýeleşdirýär diýemok, emma Hamasyň ösmegini ýeňilleşdirdi" diýip aýdan Borrel, ozal aýdyp geçen "Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr" diýip gaýtalady. 

Jozep Borrel: "Ysraýylyň zabdediji hereketine garşy güýç döredip, palestinalylary bölmäge synanyşandygy jedelleşiksiz bir hakykatdyr. Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň parlamentde öz toparynyň öňünde halk köpçüligine, örän gowy bilinýän bir sözleri bar: Iki döwletli çözgüde garşy bolanlaryň Hamasa goşant goşmaklary we maliýeleşdirmeginiň ýeňilleşdirmegi gerek. Men ol sözleri gaýtalamak bilen çäklenýärin" diýip habar berdi. 

Ysraýylyň Gaza zolagynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde aglabasy çagalardan ybarat 30 müňe golaý palestinaly ýogaldy. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl , #Jozep Borrel

Degişli Habarlar