Burkino-Fasoda Metjide Guralan Hüjümde 14 Adam Ýogaldy

Ýurduň gündogarynda 25-nji fewralda Essakane şäherindäki buthana guralan hüjümde hem 15 adam ýogalypdy.

2108412
Burkino-Fasoda Metjide Guralan Hüjümde 14 Adam Ýogaldy

Burkino-Fasonyň gündogarynda metjide guralan hüjümde 14 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Natiabonai şäherinde ýerleşýän metjide 25-nji fewralda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde metjidiň ymamy bilen birlikde 14 adamyň ýogalandygy ýatladyldy.

Ýurduň gündogarynda 25-nji fewralda Essakane şäherindäki buthana guralan hüjümde hem 15 adam ýogalypdy.

Burkino-Fasoda 2015-nji ýyldan bäri dowam edýän krizis sebäpli 2 milliondan gowrak adam öýlerini terk etdi.

Hökümetiň görkezijilerine görä, şol adamlardan diňe 120 müňi öýlerine dolandy.

 



Degişli Habarlar