Baýden: "Men sionist" diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden sionist bolmak üçin ýewreý bolmagyň zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy we "Men sionist" diýdi

2108318
Baýden: "Men sionist" diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden NBC telewideniýe kanalynda ýaýlyma berilýän "Set Meýers bilen giç gije" atly gepleşige gatnaşyp, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Jo Baýden Gaza zolagynda hüjümleriň bes edilmegi bilen bagly soraga "Öňümizde bir ýol bar, ýöne bu kyn ýol" diýip jogap berdi.

Baýden Ysraýylyň özi we palestinalylar üçin parahatçylyk mümkinçiligini gowy netijelendirmelidigini belläp: "Sionist bolmak üçin ýewreý bolmagyň zerurlygy ýok. Men sionist, Ysraýyl bolmasady dünýäde hiç bir ýewreý howpsuzlyk astynda bolmazdy" diýip aýtdy. 

Wagtlaýyn ýaraşygyň üpjün edilmegi halatynda tapawutly ugurlar boýunça öňe gidişligiň edip boljakdygyny aýdan Jo Baýden, olar ýaly ýagdaýda Ysraýylyň howpsuzlygyny we palestinalylaryň garaşsyzlygyny kepillik astyna aljak iki döwletli çözgüde ýetip boljakdygyny habar berdi. 

Ysraýylyň Gaza zolagynda geçen ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde aglabasy çaga bolan 30 müňe golaý palestinaly ýogaldy. 



Degişli Habarlar