Blinken Mesrur Barzani Bilen Duşuşdy

Blinken, Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtonomiýasynyň Premýer-ministri Mesrur Barzani bilen duşuşdy.

2107692
Blinken Mesrur Barzani Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken ýurdunda saparda bolýan Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtonomiýasynyň Premýer-ministri Mesrur Barzani bilen duşuşdy.

Duşuşykdan öň metbugata beýannama beren Blinken bilen Barzani, ABŞ bilen Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtonomiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Yragyň demirgazygyndaky Kürt Awtonomiýasy bilen edýän gatnaşyklaryna hemişe uly ähmiýet berýändigini aýdan Blinken, hem Yrakda hem-de sebitde özara hyzmatdaşlygyň güýçlenmek bilen dowam etmeginiň möhümdigini belledi.

Waşintonda saparda bolmakdan hoşaldygyny ýatladan Barzani hem ABŞ bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar