Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Tanzaniýanyň demirgazygynda 4 ulagyň biri-birini süsmegi netijesinde bolan ulag heläkçiliginde 7-si daşary ýurtly bolan jemi 25 adam ýogaldy

2107363
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi

Aruşa-Namanga ýolunda barýan ýük ulagy, gözegçilikden çykyp 3 aýry ulaga süsdi. 

Prezident diwanyndan berilen beýanata görä ulag heläkçiliginde 25 adam ýogaldy, 21 adam ýaralandy. 

Ýogalan adamlaryň arasynda ABŞ-nyň, Günorta Afrikanyň, Keniýanyň, Togonyň, Madagaskaryň we Burkina-Fasonyň raýatlary bar. 

Wakadaky ulaglaryň biriniň içinde meýletin mugallymlaryň bolandygy, ýük ulagynyň sürüjisiniň bolsa wakanyň bolan ýerinden gaçandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar