Liwanda Ysraýylyň Uçarmansyz Howa Ulagy Urlup Düşürildi
Ysraýyla degişli Hermez-450 kysymly uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigi öňe sürüldi.
Liwanyň günortasynda Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigi öňe sürüldi.
Hizbullaha ýakynlygy bilen tanalýan “Al Maýadeen” tele ýaýlymy Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigini habar berdi.
Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem Ysraýyla degişli Hermez-450 kysymly uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigi öňe sürüldi.
Hizbullah ýada Ysraýyl tarapyndan heniz mesele hakynda hiç hili beýannama berilmedi.
Ysraýylyň harby goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda Hizbullaha agza 215 adam, Liwanly 43 adam, Emel hereketetine agza 11 adam, Hamasa agza 12 adam bilen Yslamy Jihada agza 12 adam bilen ysraýylly 6 adam bilen 11 esger ýogaldy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi