Amerikaly Esger Gazadaky Gyrgynçylyga Özüni Ýakmak Bilen Garşylyk Görkezdi

25 ýaşyndaky Aaron Buşnelliň özüni ýakýan pursatlarynyň wideo ýazgysy sosial mediada arkaly ýaýradyldy.

2107604
Amerikaly Esger Gazadaky Gyrgynçylyga Özüni Ýakmak Bilen Garşylyk Görkezdi

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň hatarynda gulluk edýän bir adam, Ysraýylyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde ýakmak bermek bilen Gazadaky gyrgynçylyga garşylyk görkezdi.

ABŞ-nyň Howa güýçleriniň hatarynda gulluk edýän 25 ýaşyndaky Aaron Buşnelliň özüni ýakýan pursatlarynyň wideo ýazgysy sosial mediada arkaly ýaýradyldy.

Ysraýylyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne gelen Buşnell “Häzir berk protest çäresini geçirerin, emma palestinalylaryň basypalyjylaryň elinde çekýän jebir-jepasynyň ýanynda meniň hereketim hiç zad däl” diýýär.

Ilçihananyň öňünde üstüne benzin döküp özüni ýakan Buşnell “Palestine erkinlik” diýip gygyrýar.

Özüni ýakan adamyň bejergi astyna alynandygy we ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.


Etiketkalar: #ýakmak , #esger , #ABŞ

Degişli Habarlar