Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri düýn gije hem dowam etdi

Ysraýylyň goşuny düýn gijäniň dowamynda Gaza zolagynyň ençeme ýerine guran hüjümlerinde onlarça palestinalyny öldürdi, köp sanda adamy ýaralady

2107075
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri düýn gije hem dowam etdi

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň harby güýçleri düýn gijäniň dowamynda howadan, gury ýerden we deňizden Gaza şäheriniň merkezi başda bolmak bilen Han Ýunus we Beýt Lahiýa şäherleriniň tapawutly nokatlaryna hüjümler gurady. 

Gaza zolagyndaky Aş-Şati bosgun düşelgesinede düýn gije howa hüjümler guraldy. Hüjümlerde köp sanda adam ýogaldy we ýaralandy. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň eýýäm 142 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Ysraýylyň soňky 24 sagatda 86 palestinalyny öldürendigi bellenen beýanatda, jemi adam pidalarynyň 29 müň 692-ä ýetendigi aýan edildi. 

Soňky hüjümlerde 131 palestinalynyň ýaralanmagy bilen jemi ýaralananlaryň sanynyň 69 müň 879 adama ýetendigi mälim edildi. 

Ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda müňlerçe adamyň jesetleriniň bardygy, halkyň hüjmlerden gaçyp sygynýan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynýandygy beýan edildi. 


Etiketkalar: #adam , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar