Tramp: "Men wezipede bolan bolsadym Ysraýyla hüjüm edilemzdi we Ukrainada söweş bolmazdy" diýdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp: "Men wezipede bolan bolsadym Ysraýyla hüjüm edilemzdi we Ukrainada söweş bolmazdy" diýip belledi

2107041
Tramp: "Men wezipede bolan bolsadym Ysraýyla hüjüm edilemzdi we Ukrainada söweş bolmazdy" diýdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp ýurduň Merilend ştatynda Amerikan Konserwatiw Bileleşiginiň ýyllyk Konserwatiw syýasy hereket konferensiýasynda çykyş etdi. 

4 ýyl ozal ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden saýlanan halatynda ýurduň serhetleriniň ýok boljakdygy, orta gatlaklaryň köpüsiniň ýok ediljekdigi we zorlukly jenaýatlaryň köpeljekdigi barada duýduryş berendigini aýdan Trump: "Biz hemme zady dogry hasapladyk" diýip nygtady. 

Baýden saýlawlarda ýaňadandan ýeňiş gazanan halatynda, hemme zadyň hasam erbetleşjekdigini aýdan Trump, immigrantlaryň sanynyň 50 milliondan geçjekdigini, saglyk, durmuş üpjünçiligi we bilim ulgamynyň çökjekdigini, toparlaryň ABŞ-nyň territoriýasyny aljakdygyny we Hytaýyň ABŞ-na agdyklyk etjekdigini aýtdy.

Wezipede bolan mahaly hiç hili uruş bolmandygyny aýdan Tramp: "Men wezipede bolan bolsadym Ysraýyla hüjüm edilemzdi we Ukrainada söweş bolmazdy" diýip belledi. 

Mundan başga-da, Trump işlän döwründe Eýranyň bankrot bolandygyny, Hamasy we Hizbullahy maliýeleşdirip bilmejek ýagdaýa gelendigini aýdan Tramp, Tähranyň ýaňadandan baýlaşandygyny aýtdy.

Prezident bolanyndan soňky gysga wagtyň içinde terror guramasy DAIŞ ýok edendigini aýdan Trump, Baýdeniň demokratiýa howp salýandygyny nygtady. 



Degişli Habarlar