Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşuryldy

Russiýada geçen hepde tussaghaanda ýogalan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşuryldy

2107050
Alekseý Nawalnyýnyň jesedi maşgalasyna gowşuryldy

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Alekseýiň jesedi ejesine gowşuryldy. Ony biziň bilen bilelikde talap eden ähli adamlara minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 

Kira Ýarmyş Russiýanyň hökümediniň Nawalnyýnyň jaýlanmagyna päsgel bermejekdigini umyt edýändigini aýtdy.

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý zäherlenendigi sebäpli Germaniýanyň paýtagty Berlinde bejergi alandan soň 2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda paýtagt Moskwa gaýdyp gelen mahaly howa menzilinde göz tussaglygyna alynyp, tussag edilipdi.

Russiýanyň federal tussaghana gullugynyň talabyna laýyklykda 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Moskwa şäheriniň kazyýetinde Nawalna garşy gozgalan kazyýet işi netijelenipdi: Nawalnyýnyň geçmişdäki korrupsiýa işi sebäpli berlen 3,5 ýyllyk azatlykdan mahrum etmek baradaky karar, kazyýet gözegçiliginiň şertlerini ýerine ýetirmeýändigi sebäpli tussaghanada tussaglykda saklamak baradaky karara öwrülipdi. 

Russiýanyň kazyýeti 2023-nji ýylyň awgust aýynda ekstremist tarapdary bolan jemgyýeti emele getirmek isleýändigini öňe sürüp, 19 ýyl azatlykdan mahrum edilmek barada karar kabul edipdi. 

Nawalnyý 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Russiýada terrorçylyk we ekstremizm bilen arabaglanyşykly adamlaryň sanawyna girizilipdi.

Russiýanyň federal tussaghana gullugy 16-njy fewralda tussagly Nawalnyýnyň tussaghanada ölendigini we ölümiň sebäbiniň derňeljekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar