Putin Baýdeniň Paýyş Sözleri Hakynda Beýannama Berdi

Putin “Rossiýa-1” döwlet teleýaýlymyna beren beýannamasynda Jo Baýdeniň saýlaw kampaniýasyndaky çykyşynda aýdan paýyş sözlerini “kinaýaly görnüşde” analiz etdi.

2106469
Putin Baýdeniň Paýyş Sözleri Hakynda Beýannama Berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň özi hakyndaky paýyş sözleriniň resmi Moskwanyň näme sebäpden ABŞ-nyň prezidentligine Donald Trampyň ýerine Baýdeniň saýlanmagyny isleýandiginiň subutnamasydygyny aýtdy.

Birnäçe wagt öň ABŞ-da prezidentlige Donald Trampyň ýerine Baýdeniň saýlanmagyny isleýändigini aýdandygyny ýatladan Putin, ýylgyryp; “Prezidentleriň ählisi bilen işleşeris, emma Baýdeniň Russiýa üçin has amatlydygyny pikir edýärin. Aýdanlaryna seredilende men mamla, sebäbi ol meniň sözlerime laýyk reaksiýa” diýdi.

Putin Baýdeniň özüne sagbolsun aýtmagyna garaşmaýandygyny beýan edip; “Maňa, “Berekella Wolodýa, maňa goldawyň üçin sag bol” diýmez. Içeri syýasat taýdan ol ýerde nämeleriň başdan geçirilýändigine düşünýäris we ol dolulygynda ýerlikli reaksiýa, ýagny men mamla” diýdi.

“The Hilliň” habar bermegine görä ABŞ-nyň Prezidenti Baýden saýlaw kampaniýasynyň çäginde Kaliforniýanyň San Fransisko şäherinde gatnaşan donorlyk çäresinde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin hakynda paýyş sözler aýdypdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Baýdeniň Putin hakyndaky paýyş sözlerini “ulumsylyk” we “utandyryjy” hökmünde häsýetlendiripdi.



Degişli Habarlar