Hakan Fidan Braziliýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Ministr Hakan Fidan, Russiýanyň Daşary işler ministýri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

2106365
Hakan Fidan Braziliýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
disisleri bakani alicia barcena-hakan fidan.jpg
fransa avrupa ve dışişleri bakani stephane sejourne-fidan.jpg
suudi arabistan disisleri bakani faisal bin farhan-fidan.jpg
brezilya disisleri bakani mauro vieira-fidan.jpg
afrika uluslararasi iliskiler ve isbirligi bakani naledi pandor-lavrov.jpg

G-20-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Braziliýa giden Daşary işler ministri Hakan Fidan iş saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.

Ministr Hakan Fidan, ilki Russiýanyň Daşary işler ministýri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda guraljak ýokary derejeli saparlar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hakan Fidan, Ukraina söweşiniň diplomatiýa arkaly çözülmegini umyt edýändigini we Türkiýäniň sebitara durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallara goldaw berýändigini belledi.

Iki kärdeş Gazadaky adamzat pajygasynyň bes edilmegi barada hem pikir alyşdy.

Ministr Fidan, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar we iki döwletli çözgüt üçin sebit ýurtlarynyň etjek tagallasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hakan Fidan 2024-nji ýylyň mart aýynyň 1-3-i aralygynda geçiriljek Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde geçiriljek “Gaza paneliniň” esasy pursat bolup biljekdigini nygtady.

Duşuşykda özara ykdysady gatnaşyklar bilen goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Fidan, saparynyň çäginde şeýle hem Fransiýanyň, Braziliýanyň we Meksikanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar