Britaniýa Russiýa Täze Sanksiýa Goýar

Russiýa garşy 50-den gowrak adama we gurama sanksiýa goýular

2106283
Britaniýa Russiýa Täze Sanksiýa Goýar

Britaniýa, Ukraina bilen iki ýyldan bäri söweşýän Russiýa täze sanksiýanyň goýuljakdygyny mälim etdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden Russiýa-Ukraina söweşiniň ikinji ýylyndan 2 gün ozal berlen beýannamada, Russiýa garşy 50-den gowrak adama we gurama sanksiýa goýuljakdygy nygtaldy.

Beýannamada sanksiýalaryň Britaniýanyň Ukraina güýçli goldaw berýändigini görkezýändigi ýatladyldy.

Beýannamada sanksiýalar bilen raketa goranyş ulgamlary, raketa we partlaýjy maddalary öndürýän firmalara basyş ediljekdigi, Russiýanyň esasy girdeji çeşmesi bolan metal, almaz we energetika söwdasynyň çäklendiriljekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar