Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndan ýola çykan ýolagçy uçarda, hajathanasynda tapylan "uçaryň içinde bombanyň bardygy" barada ýazylan hat sebäpli howsala başdan geçirildi

2106048
Ýolagçy uçarynda bomba howsalasy başdan geçirildi

Newark Liberty halkara howa menzilinden Los-Anjelese gitmek maksady bilen ýola çykan United Airline kärhanasyna degişli uçarda bomba howsalasy başdan geçirildi. 

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen ilkinji maglumata görä ýola çykanyndna 2 sagat soň uçaryň hajathanasynda "uçaryň partlajakdygy" barada hat tapyldy.

Şol sebäpli düzüminde 202 ýolagçysy bolan uçar, gyssagly gonmak üçin Çikagonyň O'Hare howa menziline ugrukdyryldy. 

Howpsuzlyk güýçleri ýolagçylary ewakuasiýa edip, polisiýa gullugyna degişli itler bilen uçarda ençeme sagatlap gözleg işlerini geçirdi, emma howply zat tapmady. 

Esasyzdygy ýüze çykan bomba howsalasydnan soň uçar, Çikagodan ýaňadandan Los-Anjeles halkara howa menziline tarap ugrady. 


Etiketkalar: #uçar , #ABŞ

Degişli Habarlar