Germaniýa: "Ukrainanyň ýanynda durmagy dowam ederis" diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok halky ýaňadandna azat bolýança çenli Ukrainanyň ýanynda durmagy dowam etjekdikleirni habar berdi

2105539
Germaniýa: "Ukrainanyň ýanynda durmagy dowam ederis" diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok Braziliýada geçiriljek G20-ä agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan ozal beren ýazmaça beýanatynda: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Ukrainada ummasyz azap çekdirmäge dowam etdirýär we sözüň doly manysynda ol ýerdäki adamlaryň kellesine ýarag çeneýär. Putin, 2 ýyldan soň Ukrainadaky söweşe we onuň global netijelerine kimiň jogapkärdigini ýatdan çykarar öýdýän bolsa, ýalňyşýar. BMG-nyň esasy ýörelgelerinden asla ýüz öwürmeris we zerur boldugy saýyn we halk ýaňadandan parahatçylykda we erkinlikde ýaşaýança çenli Ukrainanyň ýanynda durarys" diýip habar berdi. 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, Russiýa hökümeti ýaly diňe iň güýçli bolanyň hukuklary bilen gyzyklanýan dünýä aktýorlarynyň rehimsizligine   halkara hukuga ygrarlylykda garşy durýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar