G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahaty başlady

G20-ä agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Braziliýanyň ýer eýeçilik etmeginde Rio-de-Žaneýro şäherinde başlady

2105843
G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahaty başlady

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Gazadaky wagşylygyň iň gysga wagtda bes edilmelidigini aýtdy we halkara jemgyýetçiligini we G20 guramasyny ýaraşyk we iki döwletli çözgüt üçin has işjeň rol eýelemäge çagyrdy.

G20-ä agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Braziliýanyň ýer eýeçilik etmeginde Rio-de-Žaneýro şäherinde başlady.

Maslahatda Ukrainadaky wakalar, Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri, global dartgynlyklar, köp taraplaýyn guramalaryň güýçlendirilmegi, howanyň çalşygyna garşy göreş, ýoksullygyň azaldylmagy we global dolanşyk mehanizmleriň özgerdilmegi ara alynyp maslahatlaşylýar. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan G20-ä agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň ilkinji bölüminde eden çykyşynda, Gazadaky wagşylygyň iň gysga wagtda bes edilmelidigini aýtdy we halkara jemgyýetçiligini we G20 guramasyny ýaraşyk we iki döwletli çözgüt üçin has işjeň rol eýelemäge çagyrdy.

"Dowam edýän Halkara dartgynlyklarda G20-niň roly" atly bölümde çykyş eden Hakan Fidan, Russiýa-Ukraina uruşynyň başlamagyna 2 ýyl dolandygyny ýatladyp, Türkiyäniň taraplaryň diplomatiýa gaýdyp gelip, gepleşikler arkaly çözgüde ýetilmegini umyt edýändigini we bu ugurdaky başlangyçlaryny dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Halkara jemgyýetçiliginiň global deňsizlik we adalatsyzlyk, ykdysady gowşaklyklar, daşky gurşaw meseleleri we emeli intellekt ýaly düýpli tehnologiýalar ýaly köp kynçylyklara duçar bolýandygyny aýdan Hakan Fidan, global diplomatiýanyň we G20-iň ähli krizis sebitlerinde bilelikdäki başlangyçlar etmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Dünýäniň iň uly 20 ykdysadyýetini bir ýere jemleýän G20 Liderler sammiti hem noýabr aýynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriler. 


Etiketkalar: #Hakan Fidan , #Braziliýa , #G20

Degişli Habarlar